Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan neşir edilýän žurnallar elektron görnüşe geçiriler

1 aý ozal 50
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan neşir edilýän žurnallar elektron görnüşe geçiriler

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», «Içeri işler ministrliginiň «Asudalygyň goragynda», Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — döwlet abat» metbugat neşirleri elektron görnüşe geçiriler. Bu barada 22-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda bellenilip geçildi.

Bu döwürleýin neşirleriň sanly görnüşe geçirilmegi okyjylaryň täze neslini — ykjam we döwrebap enjamlardan peýdalanyjylary çekmäge mümkinçilikler berer. Bu neşirlerde Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň harby sungatynyň taryhy, häzirki wagtda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen makalalar ýerleşdirilýär.

Continue reading Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan neşir edilýän žurnallar elektron görnüşe geçiriler at InAshgabat.

Bütin makalany okaň