Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

3 hepde ozal 11

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenýän Hasyl toýy gyzgalaňly oba hojalyk möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara, seleksiýaçylara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanar.

Däp bolşy ýaly, bu möhüm waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerli daýhanlaryň şu ýylky gazanan üstünliklerini jikme-jik beýan edýän sergiler gurnalar.

«Ak altyn» hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçlarynyň ýerine ýetirilendigi barada ýakynda Ahal, Lebap, Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynyň we birnäçe etrabyň pagtaçylary hasabat berdiler. Öňdebaryjy pagtaçylar her ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşmak bilen, pagta hasylynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar.

Miwe we gök ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň we zaýasyz ýygnamagyň görkezijileri ýokarlandy. Mysal üçin, Murgap düzlüginiň daýhanlary gant şugundyryndan bol hasyl aldylar, şitilhana hojalyklaryny köpeltmegiň hasabyna bolsa, Türkmenistanyň oba hojalykçylary şitilhana pomidorynyň eksportyny iki esse artdyrdylar. Şu ýyl Russiýa Federasiýasyna 32 müň tonnadan gowrak türkmen pomidory eksport edildi.

Şu ýyl şaly meýdanlary üçin 8100 gektar ýer bölünip berildi, bu bolsa Daşoguz welaýatynyň daýhanlaryna «Müňbaşy», «Nüküs-2», «Alenga» we «Bereketli» ýaly ýokary hilli tüwiniň bol hasylyny ýygnamaga mümkinçilik berdi.

Oba hojalygynyň esasy pudaklary bolan maldarçylyk bilen guşçylyk hem mallary ösdürip ýetişdirmek we semretmek boýunça görkezijilerini ýokarlandyrdylar. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, ýurtda gara malyň, dowaryň, düýäniň we guşlaryň sany artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýylda 30 tonna guş etini öndürmäge ukyply döwrebap guşçylyk kärhanalary gurulýar.

 

Türki geňeşde gol çekilen resminamalar

Bütin makalany okaň