Ýük ulaglary we awtobuslar boýunça möhüm ylalaşyk

2 hepde ozal 25
Ýük ulaglary we awtobuslar boýunça möhüm ylalaşyk

Dünýäde 13 döwlet 2040-njy ýyldan başlap, ýollardaky ähli ýük ulaglarynyň we awtobuslaryň «ekologiýanyň dosty» bolmagy üçin ylalaşdylar.

Bu ylalaşyga goşulan döwletler ýollarda ekologiýanyň hapalanmagyna ýol bermeýän elektrikli ulaglaryň ulanylmagynyň tarapdary. Ylalaşyga laýyklykda, 2050-nji ýyla çenli ýollardaky ähli awtobuslar we ýük ulaglarynyň ekologiýa ýetirýän zyýanly täsiri düýbünden ýok ediler.

Niderlandlar Patyşalygynyň başlangyjy boýunça Glasgow şäherinde geçirilen Yklym duşuşygynda gol çekilen ylalaşyga Türkiýe, Urugwaý, Awstriýa, Kanada, Çili, Daniýa, Finlandiýa, Täze Zelandiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Lýuksemburg we Angliýa goşuldy. Bu döwletler ylalaşygy amal etmek üçin umumy meýilnamalary kesgitlärler. Olaryň çäginde olar her ýyl geçirilen işler barada biri-birien hasabat bererler. Niderlandlar Patyşalygy degişli ylalaşyga heniz goşulmadyk döwletleri hem oňa goşulmaga çagyrdy.

Kompaniýalar hem goşuldy

«Unilever», IKEA, «Volvo», «Scania», UPS, «Amazon» ýaly dünýä belli kompaniýalar hem Niderlandlar Patyşlaygynyň bu başlangyjyna goşuldy.

Meýilleşdirilişine görä, 2030-njy ýyla çenli öndüriljek ýük ulaglarynyň 30 göterimi ekologiýa zyýan bermejek görnüşinde öndüriler. 2050-nji ýyla çenli bolsa bu paý 100 göterime çenli ýeter.

Soňky ýyllarda ýük ulaglarynyň we awtobuslarynyň önümçiligi barha artýar. Muňa olara dünýä döwletlerinde uly islegiň bolmagy esasy sebäpdir. Häzirki wagtda olaryň belli bir bölegi elektrikli görnüşde öndürilýär. Bu ädimde Niderlandlar Patyşlygyna degişli kompaniýalaryň has işjeňdigini aýratyn aýtmak gerek.

Döwletiň Binýat we suw dolanyşygy boýunça ministri Wan Weýerbergiň aýtmagyna görä, ýurtda 2050-nji ýyla çenli doly tämiz ýol hereketi meýilleşdirilýär. Şunda ekologiýa goýberilýän zyýanly gazlaryň bütinleý soňuna çykylar. Ministr bu ädimiň beýleki döwletler bilen bile ädilmeginiň has peýdaly boljakdygyny öňe sürýär.

 

Delide owgan meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Bütin makalany okaň