“Ýug-Neftegaz” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanyldy

1 aý ozal 31

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitli ýataklarynda 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy
arasynda şertnama gol çekildi.

Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun meýdançasynyň geomorfologiýa şertleri has çylşyrymlylygy, ýagny örän çylşyrymly infrastrukturasynyň, öň gazylan hem-de hereket edýän nebit we gaz çuň buraw guýularynyň, nebit we gaz geçirijileriniň, ulgam üçin
hereket edýän beýleki desgalarynda gözleg-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen gazyndan ammiak we metanol öndüriler

Bütin makalany okaň