YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar çykaryldy

1 hepde ozal 26
YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar çykaryldy

28-nji noýabrda Ýurdumyzyň Merkezi banky, YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti paýtagtymyzda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Bu ýokary derejedäki çäräniň ýurdumyzda geçirilmegi sebit hem-de halkara düzümleriň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan ýasaldy.

Continue reading YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar çykaryldy at InAshgabat.

Bütin makalany okaň