Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa Ykdysady forumy geçirilýär

1 aý ozal 31

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumy geçiirlýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparowyň gatnaşmagynda geçirilýän foruma, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşýar.

Ýewropa Bileleşiginden bu foruma Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis, Awstriýanyň daşary işler ministri Mihael Linhart, Wnegriýanyň daşary söwda aragatnaşyklar we daşary işler ministri Peter Siýýarto gatnaşýar.

Mundan başga-da, foruma gatnaşýanlaryň hatarynda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kunio Mukiriýa bilen bir hatarda halkara we sebit guramalarynyň wekileri bar.

MERKEZI AZIÝA ÖZÜNE ÇEKIJI SEBIT

Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa sebitiniň ýyldan-ýyla söwda ykdysady babatda özüne çekiji sebite öwrülip barýandygyny belledi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow söwda ykdysady babatda käbir ykdysady görkezijilere salgylandy.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi 1993-nji ýylda 45 milliard dollara deň bolan bolsa, 2019-njy ýylda 8 esse köpelip, 347 milliard dollara deň boldy.

2030-njy ýylda bolsa, bu görkezijiniň 2 esse köpelip, 610 milliard dollara barabar bolmagyna garaşylýar.

Forumyň çäginde ýaşyl we durnukly ykdysadyýete geçmek, sanlylaşdyrmak, sagdyn iş gurşawyny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forum, COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady çökgünlikden çykmak babatda hem özara pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem bu forumyň çäklerinde işewürli forumy, foruma gatnaşýan ýurtlaryň arasynda işewür düzümleriň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirilýär.

 

Türkmen telekeçileri Gyrgyzystanda täze ylalaşyklar baglaşdy

 

Bütin makalany okaň