Ýatkeşligi berkitmegiň usullary

1 aý ozal 28

Adamyň ýady täsin gurluşdyr. Ýatda galýan maglumatlar öz häsiýeti boýunça uzak wagtlyk we gysga wagtlyk bolup bilýär. Esasy maglumatlary ýatda saklamak üçin şu on düzgüni berjaý etmek maslahat berilýär.

Birinji düzgün, elbetde kadaly uky. 24 sagadyň dowamynda 8 sagatlyk uky beýni üçin ýeterlikdir. Ikinjisi, dogry iýmitlenmek. Iýýän iýmitiň wagtynda we kadaly bolsa, beýniniň işjeňligi ýokary bolýar. Üçünjisi, daşary ýurt dillerini öwrenmek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen nakyla eýerip, näçe köp daşary ýurt dillerini öwrenseň beýniniň maglumatlary kabul etmek derejesi ýokary bolýar. Dördünjisi, sport bilen meşgullanmak. Şeýle etmek bilen siz ýadyň bozulmagyna getirip biljek ýürek-damar we süýji keseliniň öňüni alyp bilersiňiz. Bäşinjisi, dynç almak. Arassa howada gezelenç etmek ýatkeşligiň has-da ösmegine getirip biler. Altynjysy, goşgulary ýat tutmak. Goşgulary köpräk ýat tutmaga çalşyň. Ýedinjisi, gyzykly kitaplary okaň. Ýatkeşligi berkitmegiň iň ygtybarly usuly gyzykly kitaplary okamakdyr. Sekizinjisi, sanlar bilen işleşmek. Taryhy ýyllary, telefon belgileri ýatda saklamaga çalşyň. Dokuzynjysy, saz diňlemek. Söýüp diňleýän sazlaryňyzyň yrgyldylary beýnä baryp, beýniňizde işjeňleşme döredýär. Onunjysy, hemişe oňat zatlar hakda pikir ediň. Siziň näme hakda pikir edýändigiňiz beýniňize bellebir derejede öz täsirini ýetirýär. Şu on düzgüni berjaý etmek ýatkeşligiňiziň ösmegine getirer.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Şa zenany Ýelizawetanyň mum heýkeli ýasaldy

 

 

Bütin makalany okaň