Ýaşlar baýragynyň eýelerine baýraklar gowşuryldy

3 hepde ozal 35
Ýaşlar baýragynyň eýelerine baýraklar gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we ähli welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabaralary geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, bagtyýar talyplar hem-de Ýaşlar guramasynyň dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlaryň 62-ne Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen at dakyldy we degişli şahadatnamalar şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Kalonyň eseri rekord baha satyldy

 

Bütin makalany okaň