Ýaş nesli ylma gönükdirmegiň döwrebap taglymatlary

2 hepde ozal 23

Döwrebap ösüşiň depgininde ylmyň iň soňky gazananlaryny, ylmy täzelikleri kämil ulanmak, ýaşlaryň başarnyklaryny görkezip öz goşandyny goşmak, ylmy-barlaglary, gözlegleri alyp barmak ukyplaryny ösdürmek häzirki döwrüň talaby bolup durýar.  Dünýäde tehnologiýalarda, takyk  we tebigat ylymlarynda, ynsanperwer ylymlarda, ykdysadyýetde, kanunçylykda, lukmançylykda we ş.m. ýygylygy boýunça täzelikleriň, açyşlaryň köpelmegi bilen ýaşlaryň irki ýaşlyk döwründen başlap ylym dünýäsine aralaşmagy, hünärini saýlamak we ele almak üçin şahsy meýilnamasy möhümdir. Ýokary synp okuwçylaryň ylmy işlerini alyp barylmaklygy – bäsleşige  ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işiniň usullaryny geçirip tejribede öwrenmek,  ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmegiň ýene bir ýoluna degişlidir.

Milli Liderimiziň alyp barýan tagallalary netijesinde soňky ýyllarda bilim ulgamynda täze we iň soňky tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta mekdepleriň gurlup ulanmaga berilmegi, ýokary okuw jaýlarynda gerekli bolan multimediýa serişdeleri we lingafon otaglar bilen enjamlaşdyrylmagy, häzirki wagtda mugallymlaryň okatmakda, öwretmekde döwrebap pedagogik tärlerini ulanmagy,  okuwçylara daşary ýurt dillerini täsirli we içgin öwrenmeklige, takyk ylmy-barlaglar we taslama ýaryşlary üçin tejribeleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamyna geçmekligiň wajyplygy okatmagyň we öwrenmegiň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär.

Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym-bilimleri ele almak wajyplygy ýurdumyzyň ileri tutulýan syýasatynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda” 14109-njy belgili kabul edilen Karary ýaşlaryň ylym-bilimde ýaryşa ukyply, giň dünýägaraýyşly, döwürdeş ösüşlere öz goşandyny goşmakda güýçli itergidir.

Mähriban Diýarymyzda ýaş nesli ylymly-bilimli hünärmenler, ussat bilermenler edip ýetişdirmek üçin iňňän oňyn aladalaryň biri 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-sinde kabul edilen “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ” bolup durýar.  Bu maksatnamanyň III babynyň 13-nji maddasynda zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak hakynda esasy maksatlaryň we wezipeleriň arasynda bellenendir.  Bu madda “Zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak, ylmy tehniki döredijilik işlerine, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, olaryň ylym, bilim, ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak” bolup durýar .

Orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň alyp barýan ylmy işleri – bu halypanyň garamagynda, şägirtleriň ýagny okuwçylaryň özlerine öň näbelli bolmadyk meseleleriň döredijilikli çözgüdini tapmakdyr. Ýokary synp okuwçylary bilen ylmy iş alyp barmaklygyň maksady täzelik açmak dälde, olara ylymlar hazynasynyň gapysyny açmakda ilkinji ädimleri ätlemäne ýardam bermek bolup, ösüp barýan ýaşlarda bilesigelijilik ukyplaryny emele getirmegi, ylym bilen meşgullananda özbaşdak zähmet çekmekligi, hünär saýlamagy,  belli bir ugur boýunça bilimini çuňlaşdyrmagy we olary durmuş tejribelerinde ulanyp bilmek başarnygyny ösdürmegini ýerine ýetirýär.

Alnyp barylýan bu ylmy işde garaşylýan netijeler orta mekdeplerde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli ylmy işleri, çäreleri, taslamalary, we gurnak sapaklaryny anyklamak. Olaryň içinde, ylmy barlaglary geçirmekde haýsy ugurlara köp ýykgyn edilýändigini we bu işleri geçirmekde mugallymyň ornuny aýan etmek.

Gözel Açilowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.

 

Çempionlar Ligasy: “Siti”, “PSŽ”, “Real”, “Inter” we “Sporting” 1/8 finalda

Bütin makalany okaň