Ýaponiýa “Covid-19”–a garşy göreşi güýçlendirýär

2 hepde ozal 11

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio täze “Epidemiýa gözegçilik bukjasy” barada beýanat berdi. Epidemiýanyň täze tolkunyna garşy çäreleri artdyrjakdyklaryny aýdyp, Fumio 1,6 million dozada “molnupiravir” derman serişdesini berjekdigini habar berdi.

Premýer-ministr Kişida Fumio metbugat ýygnagynda hökümetiň “Covid-19” iş toparynyň “epidemiýa garşy göreş bukjasy” barada çykyş etdi. Kişida epidemiýa hünärmenleriniň ýylyň ahyryna çenli ýurtda täsir edip biljek “Covid-19” tolkunyna garşy saglyk çärelerini ýokarlandyrjakdygyny aýtdy. Iň erbet ýagdaýyň esas hökmünde kabul ediljekdigini bellän Kişida: “Irki bejergini ösdürjek saglyk ulgamyny gurmak bilen, epidemiýa ýaýrasa-da ykdysady we jemgyýetçilik işlerimizi dowam etdirip bileris” -diýdi. “Kýodo” gullugynyň habaryna görä, “Covid-19” göreş bukjasynyň çäginde hassahananyň düşek kuwwatyny 30 göterim ýokarlandyrjak Ýaponiýa, Amerikanyň derman kärhanasy “Merk” tarapyndan öndürilen we sarp edilýän “molnupiravir” atly derman serişdesiniň 1,6 million dozany üpjün eder.

Bilşimiz ýaly geçen aýlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda derman öndürijisi “Merk” şereketi “Covid-19”-a garşy döreden synag dermanynyň täsirlidigini habar beripdi. “Merk” kompaniýasy we onuň hyzmatdaşy “Ridgeback Biotherapeutics” tarapyndan berlen beýanatda, “Covid-19” alamatlary ýüze çykandan 5 günüň içinde “molnupiravir” dermanyny kabul eden halatynda ölüm derejesiniň iki esse azalandygy habar berildi. “Molnupiravir” diýlip atlandyrylýan bu derman dünýäde tassyklanan, “Covid-19”-a garşy ulanylan ilkinji derman boldy.

“Molnupiravir”-iň epidemiýa garşy göreşde möhüm ädim bolup biljekdigine ünsi çekip, hassalaryň “molnupirawir” tabletkasyny bäş günüň dowamynda günde iki gezek dört tabletka görnüşinde kabul etmelidigi bellenildi.

Stenford uniwersitetiniň ýokanç keseller hünärmeni Dr. Robert Şafer derman serişdeleriniň kömegi bilen ABŞ-da we bütin dünýäde müňlerçe adamyň halas boljakdygyny mälim etse-de, lukmanlar dermanlary sanjym üçin “goşundy” hökmünde ulanmaly diýip pikir edýär.

Çäkli mukdarda dozalar hassalaryň az böleginiň bejergiden peýdalanjakdygyny aňladýar. “Merk” şu ýylyň ahyryna çenli 10 million derman öndürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

 

5 ýyldan soňra “Barselona” dolanyp geldi

Bütin makalany okaň