Ýagyş suwynyň ähmiýeti

1 hepde ozal 18

Güýzüň ahyry ýakynlaşdygyça sowuk howa özüni görkezip başlaýar. Günüň ýagty täsiri öz ýerini ýagyşly, bulutly günlere galdyrýar.

Käbir adamlar ýagyşyň astynda haýal ýöremegi ýa-da ezilmegi halaýarlar, käbir adamlar bolsa öz öýlerinde we iş ýerlerinde çaý we kofe içip, penjireden ýagyşyň çagbalaryny tomaşa etmegi halaýarlar.

Ýagyş suwy agaçlar, ösümlikler we sarp edýän miwelerimiz we gök önümlerimiz üçin zerur bolan iň möhüm elementlerden biridir. Suwaryş ulgamlaryndan başga-da, tebigy ýagyş suwundan we ondaky minerallardan peýdalanmak ekin meýdanlary we ekinler üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýagyş suwyndan köpülenç çaý demläp içmekligem saglyga uly peýdasynyň barlygy aýratyn ünsi özüne çekýär.Diňe bir çaý däl eýsem gaýnandan soň içip boljak bir bulgur ýagyş suwy bedeniňizi detoksifikasiýa edip, iýmit siňdiriş ulgamyňyzyň işlemegine goldaw berip bilýär sebäbi ýagyş suwy goşmaça himiki maddalardan mahrum bolan suw çeşmesidir.

Ýagyş suwunyň deri we saç üçin peýdalary örän ulydyr. Ýagyş suwy himiki maddalardan aýrylan arassa suw bolup, deriniň we saçyň gurluşyny güýçlendirýär. Ýagyşda saçlaryňyzyň çyglanmagyndan soň, saçyňyzyň aýratyn ýumşakdygyny görip bilersiňiz.

Hanowa Eneş

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt edebiýaty

kafedrasynyň mugallymy

Geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy

 

Bütin makalany okaň