Wiktor Soýuň suraty 2,5 million rubla satyldy

2 hepde ozal 17

«VLADEY»-iň däp bolan güýzki söwdasynda «Kino» toparynyň lideri Wiktor Soýuň çeken suraty rekord ýokary bahadan satyldy, diýip, «VLADEY»-iň metbugat gullugynyň habar berýändigi barada Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

Wiktor Soýuň abstrakt işi 198—nji ýyllarda döredilipdi. Sazanda kagyzda reňkli flomasterler bilen işläpdi. Lotuň ilki başdaky bahasy 500 — 650 müň rubla barabardy, ýöne söwdanyň dowamynda ol birnäçe esse ýokary galdy.

«Leningradyň andergraundynyň we «Kino» toparynyň» lideri Wiktor Soýuň suraty rekord 2 576 496 rubla satyn alyndy» diýip, habarda aýdylar.

«VLADEY»-de jemi bahasy 68,8 million rubla barabar bolan häzirki zaman sungatynyň eserleri satyldy.

Gatnaşyjylar goýumlary telefon arkaly we onlaýn görnüşde etdiler.

Post navigation

Bütin makalany okaň