Welaýatlarda owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

1 месяц назад 17
Welaýatlarda owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ene mallardan owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki wagtda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 60 müňden geçdi.

Bu möwsümde barha ýokarlanýan görkezijileri meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamany ilkinji bolup Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary berjaý etdiler. Etrabyň maldarlary 2276 ene dowardan 2091 sany owlak-guzy almagy başardylar. Şol sanda welaýatyň Köýtendag etrabynyň «Köýtendag», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary hem meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.

Continue reading Welaýatlarda owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär at InAshgabat.

Читать всю статью