“Valentino” markasy barada maglumat

1 aý ozal 35

Gyzyl egin-eşigi bilen meşhur italýan dizaýneri Walentino Garawani dünýäde  we Italiýada iň esasy egin-eşik markalaryň biri bolan “Valentino” markasynyň dizaýneridir.

Ol 1932-nji ýylda Italiýada dünýä inýär. Walentino Garawani başlangyç synpda okaýarka,  bir tikinçiniň ýanynda kömekçi bolup işleýär. Soňra bu işi dowam etmek üçin Walentino eje-kakasy bilen Pariže göçüp gidýär.  Ol ýerde ýaşaýarka uniersiteti hem tamamlaýar. 1959-njy ýylda kakasynyň we dostunyň goldawy bilen, moda öýüni açyp, moda durmuşyna başlady. 1960-njy ýylda Giankarlo Giametti bilen tanşyp, telekeçilige goşulýarlar. 1965-nji ýylda Walentino Italiýanyň meşhur dizaýneri  hökmünde görkezilip, meşhurlyga eýe boldy. Ol geýen gyzyl egin-eşikleri esasynda “Valentino red” ady bilen tanaldy.

1967-nji ýylda “Neiman Markus” moda baýragyna laýyk görüldi. Elizabet Taylor, Audreý Hepburn, Gloria Guinness ýaly birnäçe meşhurlar bilen işledi.

1990-njy ýylda “Valentino “ akademiýasy açyldy.

1998-nji ýylda Walentino Garawan we kömekçisi Giankarlo Giammetti kompaniýany 300 million dollara satyldy.

 

“Skeçers” markasynyň taryhy

Bütin makalany okaň