Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar

1 aý ozal 36
Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar

Sanly ulgam arkaly ZOOM platformasynda geçirilen VIII ykdysady forumda Türkmenistanyň we Russiýanyň uly işewür toparynyň wekilleri umumy taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Bu baradaky habary arzuw.news ýetirýär.

Saýtda habar berilmegine görä, Duşuşyga gatnaşyjylar senagat pudagyndaky türkmen we rus kärhanalarynyň maýa goýumlaryny we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda özara hyzmatdaşlyk, gurluşyk materiallaryny öndürmek, logistika we sanly ulgam baradaky umumy taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda häzirki global ýagdaýy göz öňünde tutup, maýa goýum taslamalaryna we iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar üçin analitiki syn diňlenildi.

Continue reading Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar at InAshgabat.

Bütin makalany okaň