Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

1 aý ozal 24
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

28-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Bu barada TDh habar berýär.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi.

Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp we şäheriň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belledi.

Continue reading Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň