Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

2 aý ozal 68
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.

Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Continue reading Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň