Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlis geçirdi

1 aý ozal 40
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlis geçirdi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgininiň, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime barabar boldy.

Continue reading Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlis geçirdi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň