Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

1 aý ozal 40

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz öz kärdeşini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň Prezidenti wezipesindäki netijeli işi we uly syýasy tejribesi hem-de başarjaňlygy oňa diňe bir Respublikada däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem uly hormat we abraý getirdi. Türkmenistan doganlyk Özbegistan gatnaşyklara ýokary baha berýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ozal habar berşimiz ýaly şu ýylyň 24-nji oktýabrynda Özbegistanda prezident saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň 80,1 göteriminiň sesini alyp, täzeden döwlet Baştutany wezipesine saýlandy.

Özbegistanyň Prezidentini saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen bir hatarda Russiýanyň, Belarusyň, Tajigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri gutlap, telefon arkaly söhbetdeşliklerini geçirdiler.

 

26-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Bütin makalany okaň