Türkmenistanyň Prezidenti “Ekspo-2020” sergisine gatnaşdy

1 aý ozal 49

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary amala aşyrdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimizi Dubaý şäherindäki Şeýh Maktum adyndaky halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Subhail Muhammed Al Manzuri mähirli garşylady.

Howa menzilinde geçirilen ikiçäk duşuşykdan soňra milli Liderimiz Dubaý şäherinde geçirilen “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän ýerine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri we “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň baş direktory hanym Reema Al Haşemi

Al-Wasl  dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Milli gününe bagyşlanan dabara geçirildi.  Iki ýurduň milli senalary ýaňlandy we döwlet baýdaklary belende galdyryldy.

Soňra milli Liderimiz we myhmanlar Türkmenistanyň pawilýonyna aýlanyp gördüler. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini beýan edýän wideorolikler görkezilýär. Interaktiw gologrammalaryň üsti bilen türkmen pawilýony ýurdumyz tarapyndan guralan halkara çäreler barada gürrüň berýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň pawilýonyny aýlanyp görenden soňra bütindünýä sergisiniň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň hem pawilýonyna baryp gördi.

Türkmenistanyň pawilýony  “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň “Ykjamlylyk” bölüminde öz ornuny alýar.

 

Türkmenabat-Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawy başlaýar

Bütin makalany okaň