Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy

1 aý ozal 40
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni  dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bellenilýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa görä-de, halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär. 

Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär.

Continue reading Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy at InAshgabat.

Bütin makalany okaň