Türkmenistanda täze adalat ministri wezipä bellendi

1 aý ozal 37

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Adalat ministrligine täze ýolbaşçyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Şol resminamadan görnüş ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmyrat Muhammedow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşadyldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Taganow Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellendi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Myradowy Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Bütin makalany okaň