Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlaryna we mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2 hepde ozal 24

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara onlaýn maslahat geçirildi, diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa Ýaponiýadan, Awstriýadan, Kanadadan, Hytaýdan, Eýrandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Belarusdan we Ukrainadan syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryň 20-ä golaýy tertipde gatnaşdylar. Halkara onlaýn maslahatda halkara derejede syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde işewürligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýeti hakynda pikir alyşmalar boldy. Forumyň barşynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen tebigatynyň owadan hem täsin künjekleri, dünýä jahankeşdelerinde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän taryhy ýadygärlikler, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

Post navigation

Bütin makalany okaň