Türkmenistanda “Go Viral” taslamasy işjeňleşýär

2 месяцев назад 22
Türkmenistanda “Go Viral” taslamasy işjeňleşýär

“Go Viral” taslamasy fewral aýyndan başlap, Türkmenistanda has hem işjeňleşmäge başlady. Bu taslama özüniň Türkmenistan boýunça ilkinji hormatly ilçisini saýlady.

“Go Viral” taslamasy Merkezi Aziýadaky mediýa, biznes, medeniýet, we tehnologiýa ugurlarynyň wekillerini bir ýere jemleýän, şeýle hem olaryň bir-biri gatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýän platforma hökmünde hyzmat edýär. Bu taslamanyň çäklerinde 2017-nji ýylda sebit derejeli “Go Viral” festiwaly geçirilip başlandy. Şol ýyldan bäri hem platforma hökmünde “Go Viral” merkezi aziýaly žurnalistleriň, telekeçileriň, film industriýasynyň wekilleriniň, aýdymçydyr sazandalaryň mediýanyň, tehnologiýanyň, biznesiň we medeniýetiň täze mümkinçiliklerini ulanyp, dünýäniň galan bölegi  bilen gatnaşykda bolmaklaryna itergi berýär. 

Mentorlyk işleri, networking we oflaýn çäreler bilen biri-biri bilen gatnaşyk saklaýan “Go Viral” jemgyýetini emele getirmek, bu jemgyýetiň agzalarynyň mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa babatynda peýdaly kontent öndürmek ukybyny kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurlarda Merkezi Aziýaly, ABŞ-ly we Gündogar Ýewropaly öňdebaryjylaryň gatnaşmagynda sebit we ýerli derejede festiwallary geçirmek “Go Viral” taslamasynyň esasay maksatlary bolup durýar. 

Ýyllyk festiwal bilen bir hatarda, taslamanyň çäklerinde yzygiderli kiçi göwrümli çäreler hem geçirilýär; #GoNight, #GoLive, #GoSkillz ýaly aýratyn formatlary öz içine alýar. 

“Go Viral”-yň hormatly ilçisi, taslamanyň Türkmenistandaky jemgyýetini giňeltmäge, ýerli derejede mediýa, biznes, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryna bagyşlanan çärelerdir duşuşyklary geçirmäge, şeýle hem bu ugurlaryň wekilleriniň sebitdäki we dünýädäki täze trendler bilen tanyş bolmagyna ýardam berer.

Continue reading Türkmenistanda “Go Viral” taslamasy işjeňleşýär at InAshgabat.

Читать всю статью