Türkmenistanda gany analiz etmek üçin bir minut ýeterlik bolar

3 hepde ozal 17

Welaýat keselhanalarynda inçekesellileriň ganynyň umumy analizini awtomatiki usulda geçirmek üçin enjam oturdyldy. Ol bejergi döwründe ganyň görkezijilerine yzygider gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bejergi alýana doly we takyk analiziň netijesini almak üçin bir minut garaşmaly bolar, diýip BMÖM-niň sosial setlerde habar berýändigi barada «turkmenportal.com» ýazýar.

Bu enjam BMG-niň Türkmenistandaky ösüş Maksatnamasynyň Global Gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda inçekeseliň dermanlara durnukly görnüşlerini anyklamaga we bejermäge umumy elýeterliligi üpjün etmek» taslamasynyň çäklerinde oturdyldy.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Global Gaznadan inçekesel bilen göreşmek üçin grant alandygyny ýatladýarys.

Post navigation

Bütin makalany okaň