Türkmenistanda çig nebiti gazyp almagyň möçberleri artdyrylar

1 aý ozal 30

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÄZE ÝATAKLAR ÖZLEŞDIRILER

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem slaýdlar arkaly Balkan welaýatynda ýerleşen Goturdepe we Altyguýy ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumatlary getirdi.

Döwlet konserniniň ýolbaşçysy hasabatynda soňky ýyllarda nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň baý tejribesi öwrenilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

“TATNEFT” NEBITIŇ ÇYKARYLYŞYNY ARTDYRMAKÇY

Hormatly Prezidentimiz “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowa söz berdi. “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologik-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.

 

Eýran Türkmenistana tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär

 

Bütin makalany okaň