Türkmenistana dizel teplowozlary iberildi

1 aý ozal 33
Türkmenistana dizel teplowozlary iberildi

“Demirýollary” AGPJ-ne “Трансмашхолдинг” tarapyndan ýolagçy we ýük dizel lokomotiwleri gelip gowuşdy. Enjamlar Aşgabat lokomotiw ammarynda türkmen demir ýol operatoryna gowşuryldy. Taraplar bu gowşuryş üçin 2020-nji ýylyň güýzünde şertnama baglaşdylar. Bu baradaky habary arzuw.news ýetirýär.

Kolomenskiý Zawodda öndürilen TEP70BS lokomotiw, 1520 mm ölçegli demir ýollary üçin niýetlenendir. Braýanskdaky maşyn gurluşyk zawodynda öndürilen 2TE25KM ýük lokomotiwi, agramy 6,4 müň tonna çenli ýük otlylaryny sürmek üçin ulanylyp bilner.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Continue reading Türkmenistana dizel teplowozlary iberildi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň