Türkmenistan Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine gatnaşar

3 hepde ozal 30

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amala aşyrylan işler barada hasabatlar diňlenildi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça amala aşyrylýan işler barada durlup geçildi.

Milli Liderimiz ýylyň ahyryna çenli meýilleşdirilen halkara çärelerine, daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, Halkara Bitaraplyk güni baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitini geçirmäge, şeýle hem ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasynda boljak Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyga ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistany bu guramalara agza ýurtlar bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi olaryň aýdyň netijeleridir.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) onlaýn Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi.

Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmegi meýilleşdirilýär.

Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Döwlet ýolbaşçylaryna berk käýinç we käýinç yglan edildi

Bütin makalany okaň