Türkmenistan-Gazagystan: resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi

1 aý ozal 33

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdanynda resmi dabara bilen garşylandy. Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystanyň Prezidenti özüniň ilkinji döwlet saparyna hem-de doganlyk Türkmenistan bilen bolan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi.

Mundan başga-da, Gazagystanyň Prezidenti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky köptaraply gatnaşyklarynyň özeni bolup durýandygyny belläp geçdi.

Gazagystanyň Prezidenti ählumumy pandemiýanyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryna özüniň täsirini ýetirendigine garamazdan, şu ýylyň 8 aýynda özara söwda dolanyşygynyň 30 göterim ýokarlanandygyny, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy we senagat pudaklarynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmek uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistana umumy bahasy 130 million dollardan gowrak bolan 60 haryt sanawynyň üstüni ýene-de täze önümler bilen artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ ULY BUKJASYNA GOL ÇEKILDI

Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşiklerindne soňra iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriň Bilelikdäki beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da iki ýurduň hökümet agzalarynyň arasynda köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

Olaryň käbiri:

  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň arasynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hereket edýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alşyp-berişmegi guramak boýunça ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüş ministrliginiň arasynda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Gazagystanyň Senagat we infrastrukturany ösdürmek ministrliginiň arasynda halkara awtoulag daşamalaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystanyň Senagat we infrastrukturany ösdürmek ministrliginiň arasynda ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi barada özara düşünişmek  hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň arasynda oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Statiska boýunça döwlet komiteti bilen Gazagystanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we özgertmeler boýunça agentliginiň Milli statistika býurosynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk býunça özara düşünişmek baradaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň bilen “Gazagystan demir ýollary” milli kompaniýasynyň arasynda demirýol ulaglary we konteýner daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri babatda ähtnama;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystanyň Prezidentiniň ýakyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Al Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Al Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky ähtnama.

Şawkat Mirziýoýew täzeden prezidentlige saýlandy

Bütin makalany okaň