Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

2 aý ozal 38
Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de işjeň häsiýeti bellenilip geçildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen durmuşa geçirýän hyzmatdaşlygynyň döwletara özara hereketleriň esasy ugruny emele getirýändigi nygtaldy we bu babatda gatnaşyklaryň şu ulgamynyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi. Şonuň ýaly-da energetika, gazhimiýa, ulag we geologiýa ugurlary boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň depginine hem seredilip geçildi.

Taraplar häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda, ýokanç keselleriniň öňüni almak hem-de olara garşy dessin çäreleriň görülmegi bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyndaky özara hereketletiň oňyn tejribesini hem aýratyn nygtadylar. Şu ugurda amala aşyrylan bilelikdäki hereketleriň derwaýyslygy we netijeliligi bellenilip geçildi.

Bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak arkaly, taraplar ýurtlaryň ynsanperwerlik ugry boýunça giň gerimli özara hereketleriniň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny beýan etdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021–2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna» gol çekildi.

***

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurlygy nygtaldy. Abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň oňyn tejribesi aýratyn bellenilip geçildi.

Söhbetdeşler şeýle-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meselelere-de seredip geçdiler. Energetika, gazhimiýa, senagat, ulag, logistika, söwda, maşyngurluşyk, oba hojalygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki geljegi uly ulgamlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňe çykaryldy.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň hem ýokary depginini aýratyn belläp geçdiler. Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň-da işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitara özara hereketleriniň ýaýbaňlandyrylmagy nukdaýnazaryndan işjeň özara saparlaryň amala aşyrylýandygy hem bellenilip geçildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Putini doglan güni bilen gutlady

Bütin makalany okaň