Türkmen wekiliýeti BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

2 месяцев назад 16
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti  2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşdy.

Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Baş sekretary H.Şmid, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, ŞHG-nyň  Baş sekretary Çžan Min, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Continue reading Türkmen wekiliýeti BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy at InAshgabat.

Читать всю статью