Türkmen türgeni sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

3 hepde ozal 30
Türkmen türgeni sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmen türgeni Nedir Allaberdiýew Daşkentde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda (79 kg çenli) bürünç medala mynasyp boldy.

Russiýaly Uali Kuržew bu agram derejesinde dünýä çempiony boldy. Özbegistandan Ulugbek Rahmonow kümüş, ýene bir bürünç medala gazagystanly Aýdyn Dartaýew mynasyp boldy.

Sambo boýunça dünýä çempionaty 11-14-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilendigini ýatladýarys.

Continue reading Türkmen türgeni sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy at InAshgabat.

Bütin makalany okaň