Türkmen talyplarynyň Halkara matematika internet olimpiadasyndaky üstünligi

1 hepde ozal 16
Türkmen talyplarynyň Halkara matematika internet olimpiadasyndaky üstünligi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 12-14-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara matematika internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.

Halkara matematika internet olimpiadasyna Bangladeş Respublikasy, Polşa, Çehiýa, Russiýa Federasiýasy, Indoneziýa, Türkmenistan ýaly birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň 50-sinden 300-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşige Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Continue reading Türkmen talyplarynyň Halkara matematika internet olimpiadasyndaky üstünligi at InAshgabat.

Bütin makalany okaň