Türkmen lukmanlary Germaniýada iş saparynda bolar

1 hepde ozal 14

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly, şol sanda nemes hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylygynda uly üstünliklere ýetilendigi bellenildi. Ýewropanyň we dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Bu ulgamda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli ýagdaýda öňdebaryjy tejribe alşylýar, türkmen lukmanlary GFR-iň iri klinikalarynda dürli ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, ýurdumyza nemes hünärmenleri iş sapary bilen gelýärler.

2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda we Germaniýada 9 forum geçirildi, şolaryň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meseleleri girizildi.

Däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, milli Liderimiziň garamagyna şu ýylyň 21—24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen lukmanlarynyň toparyny Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna ugratmak boýunça hödürlenilen teklibi makullady.

 

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýär

Bütin makalany okaň