Türkmen-eýran serhedi açylýar

1 aý ozal 30

14-nji oktýabrdan koronawirus ýokanjy sebäpli 20 aý dowam eden çäklendirmelerden soňra Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet nokady ýük ulaglary üçin açylýar. Bu barada Eýranyň metbugaty ýurduň Gümrük müdirliginiň wekillerine salgylanyp habar berýär.

“orient.tm” internet neşirinde hem orun alan habara görä, Eýranyň ýük ulaglary Inçe-Burun nokadyndan Türkmenistanyň çäklerinde girip biler. Ol ýerden ýük harytlary Türkmenistanyň ýük ulaglaryna ýüklenip, şol ýerden hem barmaly nokadyna daşalar.

Mälim bolşy ýaly, COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen türkmen-eýran gury ýer serhedi wagtlaýyn ýapylypdy.

 

Iň gowy hindi filmleri

Bütin makalany okaň