Türk geňeşiniň 8-nji sammiti Stambulda geçiriler

2 hepde ozal 15

Şu ýylyň 11-12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammiti geçiriler. Bu barada Türk geňeşiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Metbugat beýannamasynda bellenilip geçilişi ýaly, “Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler” mowzugynda geçirilýän sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň hem-de Türk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amraýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary başga-da köp sanly ugurlar boýunça gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem sammitde guramanyň geljegine degişli birnäçe meseleler boýunça möhüm kararlar kabul ediler. Bu taryhy sammite Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, gurama bilen beýleki halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem gurama täze synçy agzalary kabul etmegiň ýörelgeleri, Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi, guramanyň orta hem-de uzak möhletleýin maksatnamalaryny hem-de meýilnamalaryny öz içine alýan “Türk dünýäsi-2040” maksatnamasynyň tassyklanmagyna degişli kararlaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem sammitiň barşynda döwlet Baştutanlary sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşylar.

Sammitiň çäklerinde guramanyň başlyklyk etmegi Azerbaýjan Respublikasyndan Türkiýe Respublikasyna geçer.

Ýokary derejedäki mejlisiň ahyrynda ürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji sammitiniň jemleýji resminamasyna, Stambul deklerasiýasyna hem-de birnäçe kararlara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Bu sammitiň gün tertibiniň esasy meseleleri hem-de gol çekiljek resminamalar babatda 2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ürki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy Stambulda geçirerler.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy -njy ýylda döredildi. Häzirki wagtda bu Geňeşiň agzasy – Türkiýe, Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy. Wengriýa bolsa bu geňeşiň synçy agzasydyr.

 

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy

Bütin makalany okaň