“Toyota” ABŞ-da awtoulag batareýa zawodyny gurýar

1 aý ozal 22

“Toyota Motor” kompaniýasy litiý-ion batareýalarynyň üpjünçilik zynjyryny giňeltmek üçin ABŞ-da awtoulag akkumulýator zawodyny döreder.

Ýapon öndürijisiniň beren beýanyna görä, “Toyota Motor North America” we “Toyota Tsusho” kompaniýalary ABŞ-da batareýa zawody döretmek üçin hyzmatdaşlyk eder.

2025-nji ýylda hyzmat edip başlamagy we 2031-nji ýyla çenli 1,29 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirilýän desga litiý-ion batareýalarynyň üpjünçilik zynjyryny giňeltmegi maksat edinýär.
Desganyň ýerleşýän ýeri we önümçilik kuwwaty barada entek doly maglumat berilmedi.

“Kyodo” gullugynyň habaryna görä, “Toyota Motor North America” ​​-nyň baş direktory Ogawa Tetsuo: “Bu maýa goýum, ABŞ-ly sarp edijiler üçin elektrik ulaglaryny has elýeterli etmäge kömek eder. Has möhümi, Amerikanyň iş üpjünçiligini artdyrar” -diýdi.
“Kyodo” -nyň maglumatlaryna görä, ýapon kompaniýasynyň ABŞ-daky satuwynyň 25 göteriminiň elektrik ulaglaryndan ybaratdygy bellendi. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, bu nyrh 2030-njy ýyla çenli 70 göterime ýeter.

 

Internet äleminde 1 minutda…

 

 

Bütin makalany okaň