Tebigy gaz gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlener

2 hepde ozal 22
Tebigy gaz gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlener

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçip, beýleki pudaklar bilen birlikde ýangyç-energetika hem-de ykdysady-maliýe toplumlarynda bu ugurdaky meseleleriň çözülmegine ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde garalýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dünýä bazarynda tebigy gazyň sarp edilişini hem-de bahasyny düýpli seljermek barada wise-premýer Ş.Abdrahmanowa anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň geografiýasyny giňeltmek bilen baglylykda, goňşy we sebit döwletleriniň gyzyklanmasyna görä, tebigy gazy gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlemek üçin zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, gorlary boýunça dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini düýpli özleşdirmegiň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen tebigy gazyny satyn almak we satmak barada baglaşylan şertnamalar boýunça borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljek ýyllarda ýurdumyzyň beýleki gaz känlerinde gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak hem üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy satyn almak we satmak baradaky şertnamalar baglaşylanda, halkara tejribäni düýpli öwrenmegi tabşyrdy hem-de türkmen gazyny daşary ýurtlara eksport etmek boýunça wezipelere degişli görkezmeleri berdi.

 

 

Çempionlar Ligasy: “Siti”, “PSŽ”, “Real”, “Inter” we “Sporting” 1/8 finalda

Bütin makalany okaň