Täze kaşaň awtoterminalyň gurluşygy alnyp barylýar

2 hepde ozal 29
Täze kaşaň awtoterminalyň gurluşygy alnyp barylýar

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokary depgin bilen alnyp barylýan bu awtoterminal, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan kaşaň, döwrebap görnüşde alnyp barylýar. Bu baradaky habary «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtyna salgylanmak bilen turkmenportal internet saýty habar berýär.

Saýtda habar berilmegine görä, 3 gektar meýdany tutjak täze awtoterminal merkezi şäher bazarynyň golaýynda gurulýar. Iki gatly binada garaşma otagy, ýolagçy ulagynyň ähli görnüşleri üçin bilet kassalary, maglumat hyzmaty we ammar otaglary ýerleşer.

Continue reading Täze kaşaň awtoterminalyň gurluşygy alnyp barylýar at InAshgabat.

Bütin makalany okaň