Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygy

2 hepde ozal 26

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu žurnalda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň halkymyzyň ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalary öwrenmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri, dil öwrenmegi, edebiýatşynaslygy we taryh ylmyny ösdürmek meseleleri baradaky makalalar çap edilýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde pederlerimiziň miras goýan umumadamzat taglymatlary we watansöýüjilik duýgulary uly orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli mirasymyzy aýawly saklamaga berýän aýratyn ünsi ylmyň, medeniýetiň ösmegine kuwwatly itergi berýär.

Neşiriň bu sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de türkmen halkyna Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bölümde getirilen parasatly jümleleriniň 30-sy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Milli Liderimiz geçen 30 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işleriň bitirilendigini, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçilendigini nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy hem-de maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde ýerleşdirilen “Mukaddes Garaşsyzlyk — milletiň buýsanjy” atly makalada türkmen döwletiniň berkarar bolmagynyň taryhy hem-de halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem makalada eziz Diýarymyzyň ösüşiň innowasion ýoly bilen senagat taýdan ösen ýurda öwrülendigi barada aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň geriminiň giňelýändigi, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň yzygiderli baýlaşýandygy bellenilýär.

Ýene-de şu bölümde Türkiýäniň Egeý uniwersitetiniň professory F.Türkmeniň hem-de Pamukkale uniwersitetiniň mugallymy, dosent S.Saglamyň “Ýusup Has Hajyp we Ýunus Emre sözüň ahlak güýji we ähmiýeti barada” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada iki beýik şahsyýetiň dünýägaraýyşlary, diliniň aýratynlyklary, geçmişiň ruhy mirasy esasynda taglymatlar beýan edilýär. Olaryň edebi mirasy ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

“Hoja Ahmet Ýasawy: türkmen intellektual aňynyň röwşen sahypasy” atly makala uly gyzyklanma döreder. Orta asyrlarda milli filosofiýanyň hem-de şygryýetiň ösmegi, ilkinji nobatda, meşhur akyldar, pir, sopy-mistik alym Hoja Ahmet Ýasawynyň ady bilen baglydyr. Onuň taglymatlaryna düşünmek üçin taryh, Gündogar mistisizminiň däpleri, sopuçylyk filosofiýasynyň aýratynlyklary bilen bagly meselelere ýüzlenilýär.

Ýasawy şygryýetiň hikmetler görnüşini esaslandyryjydyr. Piriň hikmet-şygyrlary onuň edebiýatyna eýerýänler üçin parasatly jümleleri düzmekde, milli hem-de umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öňe sürmekde nusga boldy. Hoja Ahmet Ýasawy türkmen halkynyň filosofiýa ylmyny Orta we Ýakyn Gündogara ýaýdy.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenleriň arkalaşmak däbi” atly makalada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwren bag ekmek çäreleriniň gelip çykyşyna seljerme berilýär. Türkmen halkynyň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny açyp görkezýän milli däp-dessurlarymyz beýan edilýär.

“Türkmenleriň keçe sungatynyň taryhyndan” atly makala okyjylary asyrlaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Bu makala häzirki döwrüň hem-de geçen ýyllaryň alymlarynyň ylmy barlaglarynyň esasynda ýazyldy.

Ýazuw çeşmelerine, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylara esaslanyp, makalada keçe basmagyň taryhy, usullary we bezegleri barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Keçe türkmen halkynyň durmuşynda uly orun eýeläpdir: keçeden ak öýler, torbalar, egin-eşik, aýakgaplar we başgaplar ýaly zerur önümler, şeýle-de öý hojalygyna degişli zatlar döredilipdir. Bu özboluşly sungat asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, biziň günlerimize çenli saklanyp galmak bilen, dünýäde türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna uly gyzyklanma döredýär.

Žurnal «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýegindäki ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn bilen jemlenýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty hem-de ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş ugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy öz beýanyny tapýar.

Žurnalyň sahypalary häzirki döwrüň sungat ussatlarynyň işleri we fotosuratlary, seýrek arhiw materiallarydyr kartografiýa şekilleri bilen bezelipdir.

Bütin makalany okaň