Suwdan sintetik uçar ýangyjy öndüriler

1 aý ozal 44

Germaniýanyň demirgazygyndaky Emsland sebitinde “Atmosfair” tarapyndan gurlan desgada indiki ýyldan başlap, suwdan we kömürturşy gazyndan her günde takmynan 1 tonna sintetiki ýangyç öndüriler.

Girdeji gazanmak maksady bolmadyk “Atmosfair” guramasy desganyň nähili maliýeleşdirilendigi barada maglumat bermedi, ýöne maksat ekologiýa taýdan arassa diýlip kesgitlenýän sintetiki awiasiýa ýangyjyny öndürmegiň “tehnologiki taýdan” mümkinçiligini görkezmegi meýilleşdirýär.

Desganyň açylyş dabarasyna gatnaşan Germaniýanyň daşky gurşaw ministri Swenýa Şulze: “Bu täze tehnologiýa Germaniýa we hyzmatdaşlary üçin uly ykdysady mümkinçilikler hödürleýär” – diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda resmi dabara bilen garşylandy

 

Bütin makalany okaň