Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary Hytaý dili boýunça II olimpiadada ýeňiji boldular

2 hepde ozal 20

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Altyn Hanowa we Çynar Maksadowa dagylar hytaý dili boýunça 2-nji Onlaýn-olimpiadasynyň netijeleri belli boldular. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Olimpiadany Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurady.

Oňa gatnaşanlar iki ugurdan bäsleşdiler. Birinjide, hytaý dilini we edebiýatyny öwrenýänler, ikinjisinde — ýokary okuw mekdepleriniň beýleki ugurlaryndan hünär alýanlar güýç synanyşdylar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary birinji ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edildiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby  Sabina Şöhratjanowa  hem bu ugurda birinji orny eýeledi.

Şu ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň talyplary baýrakly orunlaryň 18-sine – ikinji orunlaryň 9-syna we şonça-da üçünji ýere mynasyp boldular.

Post navigation

Bütin makalany okaň