Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler

2 месяцев назад 16
Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler

Şu gün, halkara synçylaryň, ýerli we daşary ýurtly habarlar agentliginiň wekilleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň gatnaşmagynda Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda brifing geçirildi.

Geçirilen brifingde Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow saýlaw döwründe alnyp barlan işler we olaryň netijeleri barada gürriň berdi. Myradow mundan başga-da saýlaw çärelerine gatnaşanlaryň ählisine hoşallygyny bildirdi. Gulmyrat Myradow ses bermegiň gutarnykly netijelerini bolsa ýakyn wagtda mälim ediljekdigini aýtdy.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy raýatlaryň 97,17 göterimi bu ses bermek çäresine gatnaşandygyny nygtap, halkymyzyň ýokary raýat işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi.

Continue reading Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler at InAshgabat.

Читать всю статью