Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

2 месяцев назад 11
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýokary derejede guramaçylykly çärä Hökümet agzalary, Howpsuzlyk geňeşiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar we žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Serdar Berdimuhamedow Gurbangulyýewiçe Prezidentlik şahadatnamasyny gowşurdy. Ondan soňra, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti konstitusiýa elini uzadyp, «Türkmenistanyň konstitusiýasyna we kanunlaryna berk eýermek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Türkmenistanyň Prezidentine ýüklenen borçlary yhlas bilen ýerine ýetirjekdigini» aýtdy.

Continue reading Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi at InAshgabat.

Читать всю статью