Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2 месяцев назад 19
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

Şu gün Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça geçirilen saýlaw möwsüminiň netijeleri jemlenildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilmegine görä, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümde hemme tapgyrlar öz wagtynda hem-de hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda guraldy. Ses bermek işleri ýurdumyzyň çäklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 2577-sinde geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermegi hem guramaçylykly geçdi. Ilçihanalaryň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen 41 saýlaw uçastogynda Watanymyzyň çäklerinden daşynda bolan ildeşlerimiziň müňlerçesi has mynasyp dalaşgäre ses berdiler.

Continue reading Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi at InAshgabat.

Читать всю статью