Sanly ulgam – ösüşleriň möhüm şerti

1 aý ozal 23
Sanly ulgam – ösüşleriň möhüm şerti

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sanly ulgama geçirilýär, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda hem tapgyrlaýyn häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda bu ugurdan durmuşa geçirilýän işler bellenen möhletde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli üç tapgyrynda amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ýola goýuldy. Ulaglara ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, geçilýän okuw sapaklaryny onlaýn usulda özleşdirmäge uly ýeňillikler döredildi.

Continue reading Sanly ulgam – ösüşleriň möhüm şerti at InAshgabat.

Bütin makalany okaň