Sanly ulgam – ösüşleriň binýady

2 aý ozal 52
Sanly ulgam – ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan Garaşsyzlygynyň nurana ýoly bilen ynamly öňe barýar we dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly hem-de abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki günlerde ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileý baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylamaga taýýarlyk görýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda we içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklary ýörelgelerini pugtalandyrmakda hem-de halk hojalyk ulgamynyň işini döwrebap gurmakda belent sepgitlere ýetdi.

Continue reading Sanly ulgam – ösüşleriň binýady at InAshgabat.

Bütin makalany okaň