Sakgyç zyýanlymy?

2 aý ozal 35

Sakgyç çeýnemek endigi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy grekler dişlerini arassalamak we dem alşyny tämizlemek maksady bilen mastika agajynyň şepbigini çeýnäpdirler. Bal arysynyň mumy hem şeýle maksat bilen peýdalanylypdyr. Maýýa taýpasynyň indeýleri sakgyç hökmünde geweýa agajynyň kauçugyny, Sibirde ýaşaýan köp sanly halklar bolsa hwoýa ýaprakly agaçlaryň bugardylyp guradylan şepbigini ulanypdyrlar.Sakgyç häzirki wagtda-da adamzadyň durmuşynda giňden ulanylýar. Hünärmenler nahar edinilenden soň biraz wagtlap sakgyç çeýnemegi maslahat berýärler. Munuň özi äňleriň berkemegine, iýilen azyk önümleriniň siňmegine, dişleriň arassalanmagyna, naharyň ysynyň aýrylmagyna, dem alşyň gysga wagtlap tämizlenmegine belli bir derejede ýardam edýär. Sakgyç çeýnelende köp mukdarda bölünip çykýan aşgar häsiýetli tüýkülik gyzylödegiň aşak bölegindäki turşulygy naýtrallaşdyrýar. Şonuň üçin nahardan soň sakgyç çeýnemek sary gaýnamadan ejir çekýän adamlar üçin peýdalydyr. Ýöne sakgyjy yzygiderli we uzak wagtlap ulanmagyň zyýanlydygyny hem bilip goýmaly. Çünki birinjiden, biziň döwrümizde satuwa çykarylýan sakgyçlar tebigy kauçuklaryň esasynda dälde, polimerleriň ( sintetik maddalar ) esasynda ýasalýar. Ikinjiden, öndürijiler tagamyny, daşky görnüşini gowulandyrmak, ýakymly ys bermek maksady bilen olara dürli maddalary goşýarlar. Sakgyja goşulýan reňkleýjiler, ys berijiler we beýleki ereýän maddalar saglyga ägirt uly zyýan ýetirýär.Sakgyjy aýratynam aç garna çeýnemek zyýanlydyr. Aşgazan boş wagtynda sakgyjyň täsiri bilen bölünip çykýan aşgazan şiresi nemli bardany gyjyndyryp, gastritiň, aşgazanyň başly ýaralarynyň ýüze çykmagy, öňden bar bolan keselleriň ýitileşmegi üçin şert döredýär.  Şonuň üçin agyz boşlugynyň hem-de iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlar sakgyjy asla çeýnemli däldir. Sagdyn adamlara hem nahar iýenden soň agzyna salan sakgyjyny 5 minutdan köp çeýnemek maslahat berilmeýär. Çagalara bolsa sakgyç çeýnemegi bütinleý gadagan etmeli.

Gulmurat Ýolbarsow

Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat mekdebiniň

Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 105-nji toparynyň talyby.

Ilkinji masgarabazlar nirede döreýär

 

Bütin makalany okaň