Russiýada sanjymy hökmany etmek teklip edildi

2 hepde ozal 10

Russiýa Federasiýasynyň koronawirus ýokanjyna garşy “Sputnik V” sanjymy işläp düzen N.F.Gamaleý adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň başlygy Aleksandr Ginsburg “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjymy milli sanjym senenamasyna goşup, ony ähli raýatlar üçin hökmany etmegiň talabalaýyk boljakdygyny teklip etdi.

Rus metbugatynyň habaryna görä, Aleksandr Ginsburg Ýer şaryndaky ilatyň 70-75 göterimi sanjym edilenden soňra pandemiýanyň gutarjakdygyny belledi.

– Munuň üçin sanjym milli sanjym senenamasyna goşulmalydyr – diýip, Ginsburg “Russiýa gazeta” neşirine beren interwýusynda belläp geçdi.

Ol täze pandemiýanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin çagalara hem edil ene-atalary ýaly hökmany ýagdaýda sanjym bolmagy öwretmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.

Dürli ýurtlaryň hem alym lukmanlary koronawirusyň täze ştamlarynyň döremeginiň we şonuň üçin pandemiýanyň täze tolkunlarynyň öňüni almagyň ýeke-täk ýolunyň köpçülikleýin sanjym kampaniýasydygyny kabul edýärler.

Russiýa şu wagta çenli käbir raýatlar üçin hökmany sanjym girizilen ýurtlaryň toparynda durýar.

Akademik Ginsburg sepilýän görnüşdäki spreýiň hem adaty sanjymdan ýüz öwürmek manysyna gelmeýändigini, spreýiň koronawirus ýokanjyna garşy goşmaça göreşiji bolup, ýokanjyň öňüne böwet boljak ýene-de bir serişde boljakdygyny aýtdy.

N.F.Gamaleý adyndaky Ylmy-barlag merkezi koronawirus ýokanjyna garşy spreý derman serişdesiniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin degişli infrastruktura döredilip, maliýe serişdeleri gönükdirilen halatynda, kliniki synaglara başlap, bu derman serişdesini 2022-nji ýylda tassyklamagy meýilleşdirýär.

 

Iki bilezik 8 million dollara satyldy

Bütin makalany okaň