“Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi.

6 gün ozal 35
“Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti (ICRC) tarapyndan “Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige dünýä döwletlerinden 100-den gowrak ylmy işgärler, talyplar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, žurnalistler, mekdep okuwçylary, hukukçylar gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe dil bölümçelerinde geçirildi, ýagny türkmen, azerbaýjan, ermeni, gazak, gyrgyz, rus, täjik, özbek we ukrain dillerinde. 

Bäsleşikde Halkara Ynsanperwerlik hukugy ugry boýunça dürli akademiki taýýarlyga garmazdan, bäsleşige gatnaşyjylar ýokary derejeli ylmy barlag işlerini görkezdiler. Biziň ýurdumyzyň halkara hukugy ugrundan bilim alýan ýokary okuw jaýlarynyň talypdyr mugallymlary we hünärmenleri hem bu bäsleşige uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar.

Continue reading “Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi. at InAshgabat.

Bütin makalany okaň